Türkmen kompaniýasy her gün 2 tonna doňdurma öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy her gün 2 tonna doňdurma öndürýär
“Erteki” haryt nyşanly doňdurmalary öndürýän kärhanada häzirki wagtda her gün 2 tonnadan gowrak önüm öndürilýär.

“Erteki” haryt nyşanly doňdurmasyny hem-de dorag peýnirçesini öndürýän kärhana eýýäm 18 ýyldan bäri türkmen bazaryny doňdurmalar bilen üpjün edýär. Bu ýerde olaryň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň anna güni habar bermegine görä, häzirki wagtda kärhanada her gün 2 tonnadan gowrak doňdurma öndürilýär.

Kärhananyň önümçilik operatory Guwanç Amangeldiýewiň aýtmagyna görä, kärhananyň önümçiliginde Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän maldarçylyk fermalaryndan getirilýän arassa sygyr süýdi hem-de mesge ýagy ulanylýar. “Şeýle-de önümçilikde ähli peýdalanylýan önümleriň düzüminde GMO ýokdur hem-de hili boýunça halkara standartlara laýyk gelýär” diýip, Amangeldiýew sözüniň üstüni ýetirdi.

Kärhanada Ýewropanyň kompaniýalarynyň ýokary hilli önümçilik enjamlary oturdyldy.

“Erteki” kärhanasynda “Kapriz”, “Bagtyýarlyk”, “Berkararlyk”, “Telpejik”, “Balam”, “Towşan”, “Arzuw”, “Olimp”, “Plombir” haryt nyşanly doňdurmalar öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022