“Arçalyk” täze witamin içgisini hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Arçalyk” täze witamin içgisini hödürleýär
“Bark” haryt nyşanly içgi 0.4 litr gapda satylmaga başlandy.

“Arçalyk” agyz suw kärhanasy iýul aýynda Türkmenistanyň gün-günden ulalýan witamin içgileri bazaryna hem girip, täze “Bark” haryt nyşanly önümini sarp edijilere hödürlemäge başlady.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän “Arçalyk” agyz suw kärhanasy 1997-nji ýylda esaslandyryldy. Önümleriniň görnüşlerini artdyrýan kompaniýa olaryň sanyny 15-e ýetirdi.

“Bark” witamin içgisinden ozal kompaniýa tarapyndan premium önümleriň hatarynda görkezilýän “Malt” haryt nyşanly witamin içgileri alyjylara ýetiripdi. “Malt” solod bilen miwe tagamly içgi bolup, “Arçalyk” olaryň ananas, şetdaly we witamin görnüşlerini öndürmäge başlady.

Kompaniýa arassa agyz suwy bilen bir hatarda, dürli tagamly gazlandyrylan içgileri hem öndürýär. “Arçalyk” uly göwrümli gaplarda agyz suwuny eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Türkmen witamin içgileri bazarynda suwlaryň aglaba bölegi 0.5 we 0.33 litrden ybarat gaplarda ilata ýetirilýän bolsa, “Bark” haryt nyşanly içgi 0.4 litr gapda satylmaga başlandy.

Türkmenistanyň azyk harytlar bazarynda witamin içgilerine bolan islegiň häzirki günde ep-esli artýandygy nazarda tutup, suw önümçiligi bilen meşgullanýan birnäçe ýerli kompaniýalar kärhanalarynda bu içgileriň önümçiligini ýola goýdular.

“Goşa çynar” witamin içgisi bilen gyzyşmaga başlan bazaryň “Bedew ýyldyzy”, “Bold”, “Ýiti”, “Aýs”, “Hereket” we “Tükel” söwda belgili önümler bilen üsti ýetirildi. “Berzeňňi” mineral suwlaryny öndürýän kärhanasy hem witamin içgilerini öndürýär.

2022