Türkmenistan we Russiýa yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmak meselelerine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Russiýa yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmak meselelerine garadylar
Gepleşiklere gatnaşyjylar deňiz, demir ýol we awtomobil ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň arasynda ulag gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.

Gepleşiklere gatnaşyjylar deňiz, demir ýol we awtomobil ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygyň ýollaryny, şeýle hem  hünärmenleri taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, taraplar Russiýanyň Olýa we Mahaçgala portlarynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň arasynda yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmak, ýükleri daşamagy guramagyň şertleri barada pikir alyşdylar.

“Türkmenbaşy-Mahaçgala” we “Türkmenbaşy-Olýa” ugurlary boýunça yzygiderli gämi gatnawynyň ýola goýulmagynyň azyk, gurluşyk serişdeleri, agaçdan taýýarlanylan önümleri, polimer önümlerini, dizel ýangyjyny we beýleki nebit önümlerini daşamagy üpjün etjekdigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda gatnawlaryň gämi ugurlarynyň döredilmegi bilen baglylykda gämileriň portlara girmeginiň nyrhlary deňeşdiriler, olary diskontirlemegiň mümkinçiligi bolsa peseler.

Onlaýn arkaly geçirilen gepleşiklere türkmen tarapyndan “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Russiýa tarapyndan ulag ministriniň orunbasary Ýuriý Swetkowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdylar.

2022