Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky “Çeper” tikinçilik fabrigi önümiň täze görnüşi – mekdep goştorbalarynyň ilkinji tapgyry çykardy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti geçen anna güni habar berdi.
Goştorbalar ýurdumyzda öndürilýän dürli reňkli berk materiallardan taýýarlanyldy. Harydyň täze görnüşiniň ilkinji tapgyry eýýäm Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen bazarlaryna we söwda nokatlaryna gelip gowuşdy.
Şeýle hem ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 528-si hereket edýän demirgazyk welaýatynda “Çeper” tikinçilik fabrigi tarapyndan çykarylan mekdep egin-eşikleriniň dürli görnüşleri hem-de okuw esbaplary, şol sanda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda oglanlara we gyzlara niýetlenilen zähmet dersi üçin egin-eşikleri örän uly islegden peýdalanylýar.
200-e golaý hünärmen zähmet çekýän “Çeper” tikinçilik fabrigi şu ýylyň geçen ýedi aýynda jemi bahasy 8 million 229 müň 518 manada barabar bolan önüm öndürdi.