“Bakjam-söwda” HK öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bakjam-söwda” HK öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrýar
Kärhanada “Bakjam” haryt nyşanly buzgaýmaklaryň 30 görnüşi öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Bakjam-söwda” hususy kärhanasy täze önümleriň görnüşlerini artdyrdy. Bu barada “Ahal durmuşy” gazeti anna güni habar berdi.

Häzirki wagtda kärhanada günde ýüzlerçe kilogram börek öndürilýär hem-de olar 0.4, 0.5, 2 we 5 kilogramlyk gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Şeýle-de kompaniýanyň önümçilik bölüminde geçen ýyldan başlap miwe şerbetleriniň, pomidordyr hyýardan hem-de kömelekden taýýarlanan gaplama önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Taýýar önümler dürli göwrümdäki çüýşe gaplaryna gaplanýar.

Mundan başga-da, kärhana buzgaýmak önümçiligi bilen giňden tanalýar. Bu ýerde buzgaýmagyň 30 görnüşi öndürilip, olar “Bakjam” haryt nyşany bilen “Ýüpek ýoly”, “Dostluk”, “Ertekiler dünýäsi”, “Alaja”, “Jadyly”, “Sowgat”, “Magma”, “Fakel”, “Miwe lezzeti”, “Maşgala”, “Bereket”, “Balam”, “Sähra”, “Karnet” ýaly görnüşleridir.