Türkmenistanda pasport ulgamynyň işi kämilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda pasport ulgamynyň işi kämilleşdirilýär
Resminamanyň esasy maksady Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Çarşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berdi.

Resminamanyň esasy maksady “Migrasiýa hakynda” hem-de “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Permana laýyklykda:

  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň ýedi iş gününiň dowamynda resmileşdirilmegini we dabaraly ýagdaýda berilmegini Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alynmagyny hem-de ýazgydan çykarylmagyny, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň blanklarynyň we pasport ulgamyna degişli beýleki resmi kagyzlaryň taýýarlanylmagyny üpjün etmek;
  • Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak meselelerine garalan wagty kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek;
  • Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edaralar, kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda, raýatlardan dürli delil hatlarynyň talap edilmegini aradan aýyrmak;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022