Türkmen işewürligi balykçylyk pudagyny ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen işewürligi balykçylyk pudagyny ösdürýär
Inkubatorlaryň kömegi bilen uçar, kepir, tüňňimaňlaý, zagara ýaly balyklaryň taşlaýan işbillerinden tohum ýetişdirilýär.

Daşoguzly Telekeçi Uktam Şamyratow welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň A.Nowaýy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde meýdany 5 gektara barabar bolan köli balykçylyk hojalygyny ösdürmek şerti bilen kärendesine aldy.

“Daşoguz habarlary” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda ep-esli çuňlukdaky köli ýörite germewler arkaly şertli sekiz bölege bölündi.Bu ýerde şeýle hem emeli usulda balyklaryň tohumyny öndürjek döwrebap inkubatorlaryň 5-si hem gurnaldy.

“Inkubatorlaryň kömegi bilen uçar, kepir, tüňňimaňlaý, zagara ýaly balyklaryň taşlaýan işbillerinden tohum ýetişdirilýär. Şol tohumlardan her ýylda 15-20 million töweregi körpe balyklar kemala getirilýär” diýip, Uktam Şamyradow gürrüň berdi.

Ösdürilip ýetişdirilýän körpe balyklar isleg bildirýän telekeçilere satylýar. Onuň önümçilik üçin zerur mukdary şu ýerdäki howdanlarda saklanylyp, galan bölegi telekeçi Şamyratowyň ýolbaşçylygyndaky “Ak durna” hususy kärhanasynyň garamagyndaky Sarygamyş we Aýböwür köllerine goýberilýär.

Häzirki wagtda “Ak durna” balyklary ösdürip ýetişdirýän howdanlarynda her ýylda kiçi balyklaryň 10 tonnasyny we uly balyklaryň 5-6 tonnasyny kemala getirýär.