TSTB-niň agzalygyna girmek hakynda

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň agzalygyna girmek hakynda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi.

Kimler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolup bilerler?

“Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň eýeçiligiň hususy we (ýa-da) gatyşyk (birleşen) görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslary Birleşmäniň agzasy bolup bilerler. Holdingler, kompaniýalaryň toparlary, birleşikler (assosiasiýalar) Birleşmäniň agzalary bolup we öz düzümleriniň adyndan çykyş edip bilerler.

Telekeçiligiň subýektleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny, Türkmenistanda telekeçiligiň ösmegine goldaw berilmegini, şeýle hem telekeçiligiň subýektleriniň jebisleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik işiniň ýyllyk dolanyşygynyň möçberi Türkmenistanda bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberiniň 1250 essesinden köp bolan eýeçiligiň hususy görnüşindäki ýerli telekeçilik subýektleri Birleşmäniň agzalygyna girmelidirler.

Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň eýeçiligiň hususy we (ýa-da) gatyşyk (birleşen) görnüşi esasynda telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslary Birleşmäniň agzasy bolmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň merkezi edarasyna ýa-da Birleşmäniň welaýat bölümlerine ýüz tutup bilerler.

Birleşmäniň agzalarynyň nähili hukuklary we borçlary bar?

Birleşmäniň agzalarynyň hukuklary:

  • Birleşmäniň hünärmençilik goldawyndan we goragyndan, şeýle hem onuň Tertipnamasynda görkezilen hyzmatlardan peýdalanmaga;
  • Birleşmäniň ýolbaşçy edaralaryna saýlamaga we saýlanylmaga;
  • Birleşmäniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Birleşmä ýazmaça talap bilen ýüz tutmaga we delillendirilen jogaby almaga, onuň işiniň guralyşyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizmäge;
  • “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)” Türkmenistanyň Kanunynda we Birleşmäniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde Birleşmäni dolandyrmaga gatnaşmaga;
  • Birleşme tarapyndan, şol sanda tölegli esasda guralýan okuwlary geçmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga, gaýtadan taýýarlanmaga;
  • maglumat-seljeriş hünärmençilik goldawyny, şol sanda dürli ugurdaky garaşsyz bilermenleriň hyzmatlaryny almaga;
  • Birleşmäniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde Birleşmäniň işi barada hasabaty diňlemäge;
  • Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry hukuklardan peýdalanmaga.

Mundan başga-da, Birleşmäniň agzasy bolup, Birleşme tarapyndan döredilen iri telekeçileriň birleşiginiň (assosiasiýasynyň) agzalaryna Birleşme olaryň telekeçilik taslamalary boýunça, şeýle hem döwlet buýurmalaryna gatnaşmaklarynda, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeginde, karzlary almagynda we döwlet eýeçiliginiň salgyly hususylaşdyrylmagynda kepil bolup çykyş edip biler.

Birleşmäniň agzalarynyň borçlary:

Birleşmäniň agzalary hökmany agzalyk gatançlaryny tölemäge, şeýle hem Birleşmäniň talap etmegi boýunça öz işi hakynda ýaşyryn däl maglumatlary bermäge, Birleşmäniň Tertipnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

Çeşme: “Rysgal” gazeti, 14.09.2020

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022