“Merjen aý” gurluşyk desgalaryny boýag serişdeleri bilen üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merjen aý” gurluşyk desgalaryny boýag serişdeleri bilen üpjün edýär
Reňk garýan bölümde sarp edijileriň isleglerine laýyklykda, boýaglaryň 300-den gowrak görnüşini taýýarlamaga ähli mümkinçilikler bar.

“Merjen aý” hususy kärhanasy içki we daşky diwary timarlamak işleri üçin her aýda 100 tonnadan gowrak suwly boýag serişdelerini öndürýär.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, kärhananyň önümhanasynda öndürilýän boýaglar “Merjen boýag” haryt nyşany bilen 3.5, 9 we 18 kilogram agramda gaplara gaplanyp, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň söwda nokatlaryna iberilýär.

“Häzirki wagtda biz Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň gurluşyk desgalary üçin buýurmalar esasynda işleýäris. Boýaglar üçin ýerli çig malyň, ýagny baýlaşdyrylan hekiň özümizde öndürilmegi, önümiň 15%-ni suwuň tutmagy biziň işimizde ep-esli ýeňillikleri döredýär. Reňk garýan bölümde sarp edijileriň isleglerine laýyklykda, boýaglaryň 300-den gowrak görnüşini taýýarlamaga ähli mümkinçilikler bar” diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Ýakup Işanow belledi.

Mundan başga-da, olaryň daşky gabyny, plastik gaplary hem özümiz öndürýäris. Munuň üçin ýörite bölüm işleýär. Bedreleriň önümçiligi üçin çig maly – polipropileni Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan şertnama esasynda satyn alýarys diýip, Ý.Işanow sözüniň üstüni ýetirdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Merjen aý” hususy kärhanasy 2012-nji ýylyň aprel aýynda doly işe girizildi. Häzirki wagtda bu ýerde 12  hünärmen zähmet çekýär.