Italiýanyň kompaniýasy Türkmenistandaky täze dokma kärhanalaryny enjamlaşdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Italiýanyň kompaniýasy Türkmenistandaky täze dokma kärhanalaryny enjamlaşdyrar
Türkmen hünärmenleri tarapyndan dokma kärhanalary döwrebaplaşdyrylar, täze önümçilikleriň enjamlaşdyrylmagyny bolsa “Cormatex Srl” kompaniýasy üpjün eder.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Cormatex Srl” kompaniýasynyň arasyndaky Ähtnama laýyklykda, Baýramalynyň dokma toplumynyň hem-de Daşoguzyň pagta egirme fabriginiň binýadynda birnäçe önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

TDH-nyň anna güni habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda belledi.

Meýilleşdirilen işleri amala aşyrmak üçin türkmen hünärmenleri tarapyndan dokma kärhanalary döwrebaplaşdyrylar, täze önümçilikleriň enjamlaşdyrylmagyny bolsa “Cormatex Srl” kompaniýasy üpjün eder diýip, wise-premýer Ç.Gylyjow habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde türkmen dokmasynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň we dünýäniň iň oňat tejribesini peýdalanmagyň esasynda, bu ulgamyň depginli ösdürilmegi netijesinde, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem öz bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli artdyrýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz dokma önümlerini daşary ýurtlarda has-da işjeň öňe ilerletmek üçin degişli maglumat-habar beriş goldawynyň hem möhümdigini belledi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine “Mary deri-aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda” Karara gol çekip, degişli tabşyryklary berdi.

2022