Türkmenistan-Eýran: söwda-ykdysady gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Eýran: söwda-ykdysady gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Eýranyň uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlaryny özünde jemläp, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sişenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

TDH-nyň sişenbe güni habar berşi ýaly, gepleşigiň barşynda esasan milli ösüş meýilnamalar nazara alnyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar däp bolan hyzmatdaşlygyň diňe bir özara bähbitlere laýyk gelmän, eýsem, tutuş sebitiň abadançylyk we gülläp ösüş maksatlaryna hyzmat edýändigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlaryny özünde jemläp, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.

Taraplar özara hormat goýmak hem-de ikitaraplaýyn bähbitlilik ýörelgelerinde mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmegiň bilelikdäki şertleri döretmek üçin şunuň ýaly işewür gepleşikleri yzygiderli geçirmek babatda pikirlerini aýtdylar.