Türkmenistan şu ýylyň iýul aýynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) synçysy bolanyndan bäri, bu Gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip gelýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, penşenbe güni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň BSG agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygy boýunça “Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň” ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar we ony kabul etmek baradaky meselä seredip geçdiler.
Şeýle-de Aziýa ösüş bankynyň tehniki goldawynyň çäklerinde taýynlanan, Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça Meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegi boýunça birnäçe ileri tutulýan meselelere garadylar.
Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.