Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Gerçek” haryt nyşanly aýakgap öndürýän kärhanada şu ýylyň başyndan bäri öndürilýän önümleriň möçberi 4 million jübütden geçip, ony ýylyň ahyryna çenli 6 million jübüte ýetirmek meýilleşdirilýär.
“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, isleglere görä, önümçiligiň möçberini has-da güýçlendirmek mümkindir. Kärhana ýylda 19,5 million jübüt aýakgap taýýarlamaga niýetlenendir.
Häzirki wagtda kärhanada güýz-gyş möwsümi üçin täze önümleriň önümçiligi alnyp barylýar we esasan, içi sütükli ädikleriň taýýarlanylmagyna üns berilýär. Şeýle-de bu ýerde çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar, oglanlar üçin niýetlenen dürli biçüwdäki, dürli ölçegdäki aýakgaplaryň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär.
Dürli ugurly önümçilik bölümleriniň 7-sinde aýry-aýry bölümlerde üsti açyk hem-de ýapyk aýakgaplaryň tapgyrlaýyn taýýarlanylmagy amala aşyrylýar: dokma, çatuw, nagyşlama, lazer, tikinçilik, bezegleri dakmak, görnüşli önümleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Önümçilikde, esasan, emeli deri, dürli reňkli ýüpler, poliuretan, poliwinilhlorid çig mal hökmünde ulanylýar.
2015-nji ýyldan bäri önümçiligi alyp barýan “Gerçek” haryt nyşanly aýakgap öndürýän kärhanada häzirki wagtda 397 hünärmen zähmet çekýär.