Türkmenistanyň Hökümetinde azyk üpjünçiligi baradaky meselä seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Hökümetinde azyk üpjünçiligi baradaky meselä seredildi
Türkmenistan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak babatdaky telekeçilik başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, şol sanda pudagy sanly ulgama geçirmäge we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga degişli meselelere boýunça iş maslahatyny geçirdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, maslahatyň dowamynda oba hojalyk, obasenagat toplumyndaky azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýew hem-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarow degişli hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny zerur harytlar, ilkinji nobatda bolsa, azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyna hem-de şol harytlar ilatymyza elýeterli bahadan hödürlenilmegine ünsi çekdi.

Şeýle-de maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça hususyýetçileriň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 131,2% deň boldy.

Birleşmäniň ýolbaşçysy telekeçileriň guşçulyk we maldarçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri barada habar berdi. Ol täze guşçulyk toplumlarynyň işe girizilendigini belledi. Mary welaýatynda sebitde iri maldarçylyk toplumy gurulýar. Ol geljekde bazaryň süýt önümleri bilen üpjün edilmegine ýardam berer. Şeýle hem D.Hudaýberdiýew içerki bazary miwe-gök önümleri bilen üpjün etmekde oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işi barada habar berdi.

Wise-premýer Çary Gylyjow döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini, oňa laýyklykda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlaryny gurup, işe girizmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny hasabat berdi.

TSTB-niň agzalarynyň tagallasy bilen, döwrebap tehnologiýalar, şol sanda suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň 138-si gurlup, ulanylmaga berildi we şeýle desgalaryň ýene-de 147-siniň gurluşygy dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleriniň obasenagat toplumynda üstünlikli işleýändiklerini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmek babatdaky telekeçilik başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle-de milli Liderimiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çary Amanowa ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny hem-de dükanlary we bazarlary gündelik sarp edilýän azyk önümleri bilen üpjün etmegi we olaryň bahalary bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022