Türkmen kompaniýasy polietilen haltalarynyň görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy polietilen haltalarynyň görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär
Kärhana ýylda 2 million halta öndürmäge niýetlenip, bu ýerde Awstriýanyň “Starlinger” kysymly iň döwrebap enjamy oturdylandyr.

Türkmenistanda içerki bazara we eksport üçin ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmek hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly giň gerimli işler alnyp barylýar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, “Bir Dünýä” hojalyk jemgyýeti kösükli ekinleriň, şol sanda mäşiň hasylyny daşamak üçin iç ýüzi ýörite gorag serişdesi bilen üpjün edilen haltalaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhanada häzirki wagtda 300 kilogramdan 3 tonna çenli önümi gaplamaga niýetlenen uly göwrümli ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan haltalar öndürilýär.

Bu halta gaplary himiki maddalar, farmasewtik serişdeler, oba hojalyk dökünleri, aýna süýümleri, iýmit önümleri, däneler, tohumlar, krahmal, şeýle-de sement, çagyl ýaly gurluşyk materiallary we beýleki maksatlar üçin niýetlenendir.

Kärhana ýylda 2 million halta öndürmäge niýetlenip, bu ýerde Awstriýanyň “Starlinger” kysymly iň döwrebap enjamy oturdylandyr. Önümçilik üçin çig malyň 95 göterimi Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär.

2009-njy ýylda döredilen “Bir Dünýä” hojalyk jemgyýetinde häzirki wagtda 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kärhana uly göwrümli halta önümçiligini 2017-nji ýylda ýola goýdy.

2022