“Şabat” süýt önümleriniň önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Şabat” süýt önümleriniň önümçiligini artdyrýar
Kärhana tarapyndan mesge, peýnir we dorag, gatykdyr uýadylan gaýmak ýaly jemi 20 görnüşli azyk önümleri ondürilýär.

Türkmenistanda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny we oba senagat toplumynda öndirilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem pudagyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alyp barylýar. Häzir ýurdumyz esasy azyk önümleri bilen özüni doly üpjün edýär.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, Daşoguz welaýatynda ýerleşýän “Şabat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri 5 million manatlykdan gowrak süýt we süýt önümlerini öndürilip, önümçiligiň möçberi 120% ýokarlandy.

Habarda bellenilişi ýaly, diňe oktýabr aýynyň dowamynda kärhanada 100 tonna süýt gaýtadan işlenilip, öndürilen süýt önümleriniň möçberi pul hasabynda 800 müň manatlyga deň boldy.

Kärhana tarapyndan mesge, peýnir we dorag, gatykdyr uýadylan gaýmak ýaly jemi 20 görnüşli azyk önümleri öndürilip, olar ýörite dükanlar we beýleki söwda nokatlary arkaly sarp edijilere ýetirilýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäginde bu kärhana degişli maldarçylyk fermasy gurulýar. Iri şahly mallaryň 1300-sini idetmäge niýetlenen bu fermanyň birinji bölegi ulanmaga berildi. Şol ýerde mallaryň 400-e golaýy saklanylýar.

Türkmenistanyň  oba hojalygynyň pudaklaýyn düzümi  paýy  maldarçylyk pudagynda 83%-e deň bolan telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna ep-esli giňeldilýär. Iým önümçiliginiň ösüşi maldarçylyk pudagynyň kuwwatynyň artmagyna ýardam berýär. Et we süýt önümçiliginde fermerçilik işewürligini işjeňleşdirmek üçin täze şertler döredilýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 208-sine maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň gurluşygy üçin ýer bölekleri bölünip berildi. Ot-iým binýadyny pugtalandyrmak üçin bolsa hususy  önüm öndürijilere umumy gektary 31 müň 85 gektar ýer bölekleri bölünip berildi.