Türkmenistan–ESKATO: geogiňişlik maglumaty bilen işlemegiň usullary maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan–ESKATO: geogiňişlik maglumaty bilen işlemegiň usullary maslahatlaşyldy
Gepleşikleriň barşynda netijeli hyzmatdaşlygyň we DÖM durmuşa geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlary ilerletmegiň meseleleriniň giň toplumy we beýlekiler maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde çarşenbe güni Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) wekilleri bilen onlaýn gepleşikler geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, onlaýn gepleşikleriň çäklerinde ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň maglumatlaryny hem-de ilatyň tebigy hereketini hasaba almagy ulanmak bilen DÖM görkezijileri we seljeriş ugurlary ölçemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de gepleşikleriň barşynda netijeli hyzmatdaşlygyň we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ýaly ileri tutulýan ugurlary ilerletmegiň meseleleriniň giň toplumy we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri DÖM boýunça maglumatlary hasaplamak üçin ilat hem-de ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň maglumatlaryny döretmekde geogiňişlik maglumatlaryny we statistiki gurallary peýdalanmagyň usullary bilen tanyşdylar.