Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 324 million amerikan dollaryna golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 324 million amerikan dollaryna golaýlady
Şu ýylyň geçen dokuz aýynda Özbegistan 225,9 million amerikan dollarlyk türkmen önümlerini import etdi.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanşygy şu ýylyň geçen dokuz aýynda 323,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna salgylanyp, “UzDaily” habar agentligi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde Özbegistan 225,9 million amerikan dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, Özbegistan Türkmenistana 97,8 million amerikan dollarlyk haryt eksport etdi.

2020-nji ýylyň dokuz aýynda Özbegistanyň daşary ýurtlar bilen haryt dolanşygynyň iň uly möçberi Hytaýyň paýyna düşüp, ol 4,6 mlrd. amerikan dollaryna deň boldy. Degişlilikde ýurduň eksporty – 1,4 mlrd. amerikan dollaryna, importy bolsa 3,2 mlrd. amerikan dollaryna deň boldy.

Russiýa degişli döwürde Özbegistanyň ikinji söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Ikitaraplaýyn haryt dolanşygy 4,1 mlrd. amerikan dollaryna deň boldy. Degişlilikde Özbegistan Russiýa 1,1 mlrd. amerikan dollarlyk haryt eksport edip, Russiýadan importyň mukdary 3 mlrd. amerikan dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlary arasyna Gazagystan ($2 mlrd.), Günorta Koreýa ($1.6 mlrd.), Türkiýe ($1.43 mlrd.), Gyrgyzystan ($660.7 mln.), Germaniýa ($574 mln.), Owganystan ($542.9 mln.) we Täjigistan ($358.8 mln.) girdi.

Agzalan döwürde Özbegistana import edilen awtoulaglaryň umumy möçberi pul hasabynda 349.3 million amerikan dollaryna deň boldy.