Daşoguzly telekeçi kärende ýerinden miwe hasyllaryny ýygnaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly telekeçi kärende ýerinden miwe hasyllaryny ýygnaýar
Telekeçi S.Hanbaýew häzirki döwürde garaly, ülje, alma, armyt, üzüm nahallaryny ýetişdirip, isleg bildirenleri üpjün edýär.

Telekeçi Sarybaý Hanbaýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çäginde 100 gektar ýeri netijeli özleşdirip, ondan ýokary hasyl alýar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, telekeçi şu ýyl 35 gektarda ýetişdiren bagyndan üljäniň 2 tonnasyny, garalynyň 5 tonnasyny ýygyp, alyjylara hödürledi. Almadyr armytdan hem 10 tonna töweregi hasyl alyndy.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde üzümiň onlarça görnüşiniň 5,300 düýbi oturdyldy. Şu ýyl 5 gektar üzümden 50 tonna hasyl alnyp, şu günler hasyl ýygymy dowam edýär.

Mundan başga-da, telekeçi Hanbaýew şu ýyl 5 gektar ýeralmadan, 5 gektar sogandan onlarça tonna hasyl aldy, 50 gektar ýerde bolsa bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirdi.

Bag nahallarynyň dürli görnüşleri goňşy Özbegistandan getirildi hem-de ýokary hilli ýerli görnüşler saýlanyp alyndy. Şeýle-de telekeçi S.Hanbaýew häzirki döwürde garaly, ülje, alma, armyt, üzüm nahallaryny ýetişdirip, isleg bildirenleri üpjün edýär.