“Begler ýoly” hususy kärhanasy geljekde himiýa serişdeler hem-de ýuwujy serişdeler üçin plastik gaplaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.
“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhana ýurdumyzda plastmassadan dürli göwrümdäki bedreleriň, sebetleriň, buýurmalar esasynda ketçup gaplarynyň, azyk önümleri üçin niýetlenen konteýner gaplarynyň, önümçilikdäki dürli ýaglar üçin uly göwrümdäki gaplaryň (5 we 20 litrlik) önümçiligini alyp barýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhana IML (In-Mould Labelling) tehnologiýasy esasynda gaplara nyşan ýelmemek işlerini hem alyp barýar.
Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda ortaça 10-15 tonna çig maldan önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Kompaniýa öz öndürýän plastik önümlerini “Algap” haryt nyşany bilen bazara hödürleýär.
2014-nji ýylda döredilen “Begler ýoly” kärhanasy Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasynyň (ISO) hünärmenleri bilen yzygiderli onlaýn gepleşikleri geçirip, olar bilen önümçiligiň esasy ugurlary, daşarky bazarlarda önümleri ilerletmek maksady bilen, olaryň hil ölçeglerini maslahatlaşýar.