Ahal welaýatynda täze döwrebap şypahana açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynda täze döwrebap şypahana açyldy
Täze şypahana-bejeriş merkezi Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Bagabat jülgesinde guruldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman “Bagabat” şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Täze şypahana-bejeriş merkezi bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýol hem ulanylmaga berildi. Ýoluň çatryklarynyň biriniň merkezinde halkymyzyň saglygyny berkitmek üçin zerur şertleriň döredilmegini esasy ugur edinýän döwlet syýasatyny özünde jemleýän “Saglyk” binasy oturdyldy.

Bellenilişi ýaly, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugruna degişli täze düzümler gurlup, ulanylmaga berilýär.

Täze şypahana-bejeriş merkezi Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Bagabat jülgesinde guruldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň bina eden şypahanasy ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän we birbada 200 adamyny kabul etmäge niýetlenen döwrebap toplumdyr.

Şypahananyň düzümine balnoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş-maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, howuzlar we SPA salony girýär. Şypahana üç gatly binalaryň ikisinden ybarat bolup, olaryň her birinde bir orunlyk otaglaryň 25-si, iki orunlyk otaglaryň 35-si we lýuks otaglaryň 5-si ýerleşýär.

Şeýle-de toplumyň çäginde futbol, basketbol, tennis, bilýard bilen meşgullanmak üçin sport toplumy, çagalar sport meýdançasy we çaýhana bar.

Şu hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz 2021-2025-nji ýyllar üçin şypahana ulgamyny ösdürmegiň Milli maksatnamasyny tassyklady we degişli Karara gol çekdi, şeýle hem bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022