Türkmenistanda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň kepillendiriş taýdan tassyklanylmagy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň kepillendiriş taýdan tassyklanylmagy
Eger paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda şeýle şertnamanyň bellige alynmagy mugt amala aşyrylýar.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň kepillendiriş taýdan tassyklanylany üçin döwlet pajy töletdirilmeýär.

Paýly gurluşygyň obýekti köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän sosial-medeni, administratiw, durmuş we söwda maksatly obýektler ýa-da olaryň aýratyn bölekleri, şeýle hem aýratyn durýan sosial-medeni, administratiw, durmuş, söwda we önümçilik maksatly obýektler ýa-da olaryň aýry-aýry bölekleri bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň kepillendiriş taýdan tassyklanylany üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet pajy töletdirilýär.

Gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy kepillendiriş taýdan tassyklanylan gününden soň, näçe günüň dowamynda ony hasaba goýmak üçin ygtyýarly edara tabşyrmaly?

Gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy, oňa goşulýan goşmaça ylalaşyk kepillendiriş taýdan tassyklanylan gününden otuz senenama gününiň dowamynda agzalan şertnamanyň, oňa goşulýan ylalaşygyň her biriniň dört nusgalygyny hasaba alynmaklary üçin ygtyýarlyk berlen edara berýär.

Ygtyýarlyk berlen edara paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny, oňa goşulýan goşmaça ylalaşygy bellige almagy gurujy tarapyndan ol berlenden soň, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň, oňa goşulýan goşmaça ylalaşygyň her bir nusgalygyna «Hasaba alyndy» belgili möhürçäniň goýulmagy arkaly on iş gününiň dowamynda amala aşyrýar we paýça hem-de guruja gol çekdirip, her haýsyna bir nusgadan tabşyrýar.

Eger paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda şeýle şertnamanyň bellige alynmagy mugt amala aşyrylýar.

Paýly gurluşygyň obýekti köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän sosial-medeni, administratiw, durmuş we söwda maksatly obýektler ýa-da olaryň aýratyn bölekleri, şeýle hem aýratyn durýan sosial-medeni, administratiw, durmuş, söwda we önümçilik maksatly obýektler ýa-da olaryň aýry-aýry bölekleri bolup durýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bellige alynmagy ygtyýarlyk berlen edara tarapyndan bellenilen tölege laýyklykda amala aşyrylýar.

Çeşme: “Rysgal” gazeti, 09.11.2020

2022