Türkmen telekeçisi güýzlik ýeralmasynyň täze görnüşini synag etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi güýzlik ýeralmasynyň täze görnüşini synag etdi
Ýeralmasynyň 60, 90, 110 günde ýetişýän görnüşleriniň tohumy Germaniýanyň “EUROPLANT” dünýäbelli kompaniýasyndan alyndy we ýurdumyzyň toprak howa şertlerine uýgunlaşdyryldy. (Surat: “EUROPLANT”)

Türkmenistanda oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almakda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak hem-de oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak babatda anyk we kesgitli wezipeler öňde goýulýar.

“Watan habarlary” gepleşiginde duşenbe güni habar berlişi ýaly, “Halk market” dükanlar toplumynyň oba hojalyk bölüminiň hünärmenleri tarapyndan şu ýyl ýeralmanyň güýzlik görnüşi, ýagny güýz paslyndan ösdürilip ýetişdirilýän görnüşi hem synagdan geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýeralmasynyň 60, 90, 110 günde ýetişýän görnüşleriniň tohumy Germaniýanyň “EUROPLANT” dünýäbelli kompaniýasyndan alyndy we ýurdumyzyň toprak howa şertlerine uýgunlaşdyryldy.

Synag şertlerinde ýeralmasynyň her bir düýbünden 1 kilograma golaý hasyl alyndy. Bu görkeziji bolsa her gektardan 25-30 tonna golaý hasyl alyp boljakdygyny aňladýar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginden bölünip berlen 12 gektardan gowrak ýerde güýzlik ýeralmasynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdiren telekeçi daýhan, geljekde ekiljek ýeriň meýdanyny artdyryp ýazlyk hem-de güýzlik ýeralmanyň mukdaryny has-da artdyrmagy göz öňünde tutýar.

2022