Aşgabatda müňden gowrak maşgala ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda müňden gowrak maşgala ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi
Paýtagtymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sişenbe güni Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasy Aşgabadyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar. Munuň özi 5 müňden gowrak adama barabardyr. Binalaryň buýrujylary hökmünde, paýtagtymyzyň şäher häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi çykyş etdiler.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ähli ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir.

Şeýle-de ýanaşyk ýerlerde ähli degişli düzümler göz öňünde tutulyp, umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan täze ýollar çekildi, olar zerur tehniki serişdeler, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçy ulaglar üçin duralgalar bilen üpjün edildi.

Täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň girelgeleri, aşhanalary we ýaşaýyş otaglary ýurdumyzda öndürilen dürli ölçegdäki mebeller hem-de “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän iki smart-telewizorlar bilen gurnalandyr.

Desgalaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyrylyp, bu ýerde dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zolaklar oýlanyşykly ýerleşdirilendir. Täze binalaryň körpe ýaşaýjylar üçin çagalar oýun meýdançalary gurnalyp, olar şeýle desgalara mahsus zerur derejede enjamlaşdyrylandyr.

Mundan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň käbir öýleri “akylly öý” ýörelgesi boýunça enjamlaşdyrylandyr. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we Internet ulgamyna daýanmak bilen şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgam öýleriň eýelerine durmuşda ulanylýan enjamlaryň hereket edişine ykjam telefonlar arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Desgalaryň gurluşygyny ýurdumyzyň ugurdaş kompaniýalary amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşigi, “Weli gurluşyk”, “Nusaý ýollary”, “Rysgally zähmet”, “Çakmak daşy”, “Bereketli” hususy kärhanalary, “Altyn nesil”, “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýetleri bardyr.

2022