Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasyndan (IСD) COVID-19 pandemiýasy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, bu maliýe serişdelerini Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen hususy ulgamyň taslamalaryny maliýeleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdiriler.
Bellenilişi ýaly, bu çäreler, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişine hem-de eksport ugurly harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz teklibi makullap, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy tarapyndan berilýän maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagy baradaky meseläni berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Saud Arabystanyň Jidde şäherinde ýerleşýän hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy (IСD) 1999-nji ýylda döredilip, ol Yslam ösüş bankynyň bäş edarasynyň biridir.