Sankt-Peterburgyň Lahta merkezi ýylyň belent binasy baýragyny aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sankt-Peterburgyň Lahta merkezi ýylyň belent binasy baýragyny aldy
Lahta merkeziniň binasy diňe bir Russiýada däl, eýsem 462 metr beýikligi bilen Ýewropada-da iň belent bina hasaplanýar.

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde “Rönesans Inşaat” kompaniýasy tarapyndan bina edilen Lahta merkezi “Emporis ýylyň belent binasy” (Emporis Skyscraper Award) baýragyna mynasyp boldy.

“Anadolu Ajansi” habar agentliginiň geçen anna güni habar berşi ýaly, dünýäniň iň beýik binalaryny we haýran galdyryjy binagärlik taslamalaryny sylaglaýan “Emporis belent bina baýragy” özüniň 20 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Russiýada amala aşyrylan taslama berildi.

Bellenilişi ýaly, Lahta merkeziniň binasy diňe bir Russiýada däl, eýsem 462 metr beýikligi bilen Ýewropada-da iň belent bina hasaplanyp, ol dünýäniň iň belent binalarynyň arasynda 14-nji ýerde durýar.

Lahta merkezini saýlamakda binada ekologiýa taýdan arassa we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylyşyna baha berildi diýip, eminler bellediler.

Mundan başga-da, binanyň taslamasyny ýerine ýetirmekde ulanylan 19 müň 624 kub metr beton garyndysyny üznüksiz guýmak işiniň görkezijisi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Agramy 670 müň tonna bolan Lahta merkeziniň binýadynda her biriniň diametri 2 metr bolan gazyklar kakyldy.

Lahta merkezi, dünýädäki ýokary tehnologiýaly binagärlik taslamalarynyň biridir. Binada 34 sany ýokary tizlikli lift gurnalyp, olaryň tizligi sekuntda 8 metre ýetip bilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022