Çarşenbe güni “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurnalýan Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça Hytaýa 40-futlyk kyrk bäş sany konteýnerden ybarat polipropilen ýüküniň multimodal daşamasy başlandy.
TULM-da “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berlişi ýaly, ýük çarşenbe güni Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portundan Gazagystanyň Aktau portuna ugradyldy. Şol ýerden ýük demir ýol otlusy bilen Hytaýyň Ninbo stansiýasyna ugradylar.
Şeýle-de şol bir wagtda TULM Tejen stansiýasyndan Hytaýyň Ninbo stansiýasyna demir ýol otlusy bilen eksport önümi bolan pagta lintini ugratdy. Bu ýerden ugradylan ýük 40-futlyk 42 sany konteýnerden ybaratdyr. Konteýner otlusy 15-17 günüň dowamynda Hytaýa geler.
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) paýdarlar jemgyýeti gara ýol we demir ýol arkaly ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak boýunça uly işleri alyp barýar. Kompaniýanyň ýardam bermeginde şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda “Lapis Lazuli” ugry boýunça Owganystanyň Akina şäherinden awtomobil ulagy arkaly hem-de “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça Gazagystanyň çäginden Türkmenistana ýük konteýnerleri getirildi.
Türkmenistan milli ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ýagdaýy hökmünde üstaşyr geçelgelere uly ähmiýet berip, yklymyň sebitleriniň arasyndaky söwdada möhüm logistiki halka bolmagy maksat edinýär. TULM kompaniýasy ulag ulgamlaryny oýlanyşykly peýdalanmak arkaly halkara gatnawlaryň halkasynda ýükleri ibermegiň iň gysga ýoluny we wagtyň az sarp edilmegini üpjün edip, ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşişiniň artykmaçlyklaryny ulanmaga uly goşant goşmaga ymtylýar.
Düzediş:
Makalanyň irki görnüşinde eksport edilýän harydyň ady ýalnyş görkezilen. Çig pagta galyndysy däl-de, pagta linti bolmaly.