Türkmen-eýran işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-eýran işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär
Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň halkara sergilerine we işewürlik forumlaryna, şol sanda onlaýn görnüşinde gatnaşmaklarynyň wajyplygyny bellediler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy Döwran Hudaýberdiýewiň hem-de Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halesiň arasynda çarşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.

TSTB-niň saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşikleriň barşynda Birleşmäniň başlygy eýran tarapyny türkmen hususy pudagynyň geljegi uly ugurlary bilen tanyşdyrdy, şeýle hem telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylýandygy, Birleşmäniň agzalary tarapyndan durmuşa geçirilýän iri taslamalar barada gürrüň berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylmagy türkmen telekeçileriniň eksport kuwwatyny artdyrmaga hem-de bilelikdäki kärhanalary döretmäge mümkinçilik berýär.

Eýranyň ilçisi öz gezeginde Türkmenistanda telekeçilik düzümleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ähli oňaýly şertleriň bardygyny nygtady we öz tarapyndan türkmen we eýran telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmekde ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Mundan başga-da, Birleşmäniň başlygy we Eýranyň ygtyýarlandyrylan wekili iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşyklary boýunça meseleleri hem maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, olaryň halkara sergilerine we işewürlik forumlaryna, şol sanda onlaýn görnüşinde gatnaşmaklarynyň wajyplygy nygtaldy.