Aşgabatda “Türkmentel – 2020” atly XIII halkara maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Türkmentel – 2020” atly XIII halkara maslahaty geçiriler
“Türkmentel – 2020” atly XIII halkara onlaýn maslahatyny 24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel – 2020” atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

TDH-nyň penşenbe güni habar berşi ýaly, bu barada wise-premýer Baýramgeldi Öwezow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Halkara forumy 24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär, oňa ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny we taslamalaryny çekmegiň, peýdalanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmekde maglumat-telearagatnaşyk ulgamyny giňeltmegiň, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň meselelerini öz içine alýar.

Şeýle-de “Türkmentel – 2020” halkara maslahatynyň barşynda sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamynyň we bulut tehnologiýasynyň netijeliligini giňeltmek, öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy, maglumat we kiberhowpsuzlygy, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiligi ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet Baştutanymyz halkara onlaýn maslahata taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işleri makullap, biziň hünärmenlerimiziň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmakda, işjeň gatnaşyklary ýola goýmakda, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda onuň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.