Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargylary öndürýän kärhanasy önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargylary öndürýän kärhanasy önümçiligini artdyrýar
Kärhanada dokama däl matadan operasiýa üçin niýetlenen bir gezeklik lukmançylyk halatlary we kombinezonlary hem öndürilýär.

Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri 7 million 500 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, şu ýylyň dowamynda kärhanada 9 million manatlyk önüm öndürmek meýilleşdirilýär.

Bu ýerde lukmançylyk üçin niýetlenen önümleriň 50-ä golaý görnüşi öndürilýär. Hususan-da, kärhanada öndürilýän dürli ölçeglerdäki hasa, gipislenen we elastik bintlerine, leýkoplastyra, dezinfisirlenen tamponlara, warikoz, dyz we topuk üçin elastik joraplaryna isleg artýar.

Şeýle-de ýakynda önümçiligi ýola goýlan dokama däl matadan operasiýa üçin niýetlenen bir gezeklik lukmançylyk halatlary we kombinezonlary hem-de agardylan hasa matasy uly islege eýedir.

Bellenilişi ýaly, kärhanada oturdylan Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalarynyň enjamlary ýurduň lukmançylyk edaralarynyň islegine görä önüm öndürmäge hem-de önümleriň görnüşlerini artdyrmak bilen önümçiligiň mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Daşoguz welaýatynyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi. Kärhanada 100-den gowrak önümçilik enjamlary oturdylyp, ýylda 13 million sany taýýar gaplanan önümi öndürmäge ukyplydyr.