Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu gaznadan ýer bölekleri önüm öndürijilere 99 ýyllyk möhlet bilen berler. Şu gaznanyň ýer bölekleriniň 70% bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin uzakmöhletleýin esasda ulanylmaga berler. Galan ýer böleklerinde bugdaý we pagta öndürmek boýunça meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmek üçin ulanylar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.