“Ak bulut” asma potoloklarynyň täze görnüşlerini öndürmäge başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak bulut” asma potoloklarynyň täze görnüşlerini öndürmäge başlady
Bu ýerde ýylda 4 mln. inedördül metr asma potoloklary, 7 müň tonna sinklenen metal önümlerini öndürmäge mümkinçilik bardyr.

“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti ýakynda sinklenen metaldan, alýuminiýden asma potoloklaryň önümçiligini ýola goýdy.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, täze önümleriň – alýuminiý potolok gurluşlarynyň görnüşleri binanyň daşynda we içinde ulanmak üçin örän amatlydyr. Olar ýeňil, çyglylyga çydamly we akustiki häsiýete eýedir.

Kompaniýa ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda asma potolok ulgamynda önümçilige başlady. Bu ýerde ýylda 4 mln. inedördül metr asma potoloklary, 7 müň tonna sinklenen metal önümlerini, ýagny gurluşykda işjeň ulanylýan T24 profilleri, alçypan, diwar we burç profilleri öndürmäge mümkinçilik bardyr.

Mundan başga-da, şu ýyl hojalyk jemgyýeti internetdäki “Play Market” platformasynda özüniň ýörite applikasiýasyny ýerleşdirdi. Ýagny, el telefonyndan ýa-da planşetden “Ak bulut” applikasiýasyny ýükläp alyp, müşderiler oňa öz sargydynyň ölçeglerini ýazmak bilen, asma potoloklardyr diwarlyklaryň näçeräk möçberde gerek boljakdygyny anyklap biler.

Bellenilişi ýaly, kompaniýa ýerli çig mala aýratyn üns berýär, ýagny önümçilikde ulanylýan çig malyň 85% ýerli üpjünçilige degişlidir. Kärhanada türkmen topragynyň tebigy känlerinden alynýan gipsiň peýdalanylmagy önümleriň ekologiýa babatda amatlylygyny gazanmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda “Ak bulut” hojalyk jemgyýeti önümlerini goňşy döwletlere eksport etmek babatda işewürlik gepleşiklerini alyp barýar.

2022