Aşgabatda oba hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça 18 resminama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda oba hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça 18 resminama gol çekildi
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti BMG ÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen energiýa serişdelerini netijeli ulanmak boýunça bilelikdäki taslamanyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara serginiň çäklerinde oba hojalyk pudagy boýunça wajyp resminamalaryň, ylalaşyklaryň we iş meýilnamalarynyň 18-ne gol çekildi.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, giň möçberli forumyň ikinji güni milli obasenagat toplumynyň ýeten derejesine we geljekki ösüşine bagyşlandy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak hem-de Energetika ministrlikleri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar bardyr.

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti öz gezeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen “Energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly taslamanyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekdi.

Türkmen tarapy Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), “Valmont Industries, Inс”, “Valey” we “JСB Sales Limited” daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ylalaşyklara hem-de Ähtnamalara gol çekdi.

2022