Türkmenistan 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Russiýa Federasiýasynyň çäginden 2,11 million tonna nebiti üstaşyr geçirdi. Bu barada Interfaks çarşenbe güni Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatyna salgylanyp habar berdi.
Maglumatlara görä, diňe noýabr aýynda 160 müň tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçdi.
Gazagystanyň nebitiniň Russiýadan üstaşyr geçirilmegi 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 14,12 million tonna (noýabr aýynda 1,16 million tonna), Azerbaýjanyň nebitiniň üstaşyr geçişi 528,57 müň tonna (noýabr aýynda 169,79 müň tonna) barabar boldy.
Şeýle-de Russiýada nebit önümçiligi 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4% peselip, 470,16 million tonna bolandygy habarda nygtalýar.
Bu döwürde Russiýanyň nebit kompaniýalarynyň GDA ýurtlaryna nebit eksporty 25,8% peselip, 11,8 million tonna barabar boldy.