Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna (ÝHHG) agza ýurtlaryň Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň penşenbe güni habar berşi ýaly, iki günlük geçirilýän onlaýn maslahata ÝHHG-na girýän döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Plenar mejlisiň barşynda ministr R.Meredow Türkmenistanyň ÝHHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Türkmen tarapy howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň bitewi strategiýasyny – birnäçe özara baglanyşykly syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gatnaşyklaryndaky islendik jedelli meseleleri düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik usullaryny giňden peýdalanmagyň wajypdygyny hem-de şoňa isleg bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň bu meseläniň çözülmegi babatdaky oňyn çemeleşmesini hem-de bu ugurda görýän anyk çärelerini makulladylar.