Aşgabatda “Aýdyň Gijeler” kompaniýasynyň ilkinji resmi dükany açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Aýdyň Gijeler” kompaniýasynyň ilkinji resmi dükany açyldy
“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti smart telefonlary, sowadyjylary, kompýuter enjamlary, telewizorlary we beýleki ýokary hilli tehnologiýaly önümleri satuwa goýdy.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň bilelikdäki “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň Aşgabatda ilkinji resmi dükany açyldy.

Watan habarlar gepleşiginiň geçen anna güni habar berşi ýaly, dükanda kompaniýanyň smart telefonlary, sowadyjylary, kompýuter enjamlary, telewizorlary we beýleki ýokary hilli tehnologiýaly önümleri satylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda täze dükanyň açylmagy paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin baýramçylyk sowgady boldy.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçiligi ozalky Aşgabat şäheriniň “Türkmenkabel” kärhanasynyň çäginde ýerleşýär.

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň iýun aýynda alyjylara “Tolkun” haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, şeýle hem “Zemin” haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly hem-de “4K Ultra HD” durulykly telewizorlarynyň  önümçiligine badalga berdi.

Mundan başga-da kompaniýa “Älem” haryt nyşanly 65 dýumlyk smart telewizory, “Şowly” monoblok görnüşli kompýuteri, “Milli” we  “Körpe” öýjükli telefonlary,  “Uçgun” routeri, “Mylaýym”  split görnüşli kondisionerleriň önümçiligini ýola goýdy.

2022