“Türkmen senet” täze dokama däl matalaryň önümçiligini ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen senet” täze dokama däl matalaryň önümçiligini ýola goýmakçy
“Türkmen senet” hojalyk jemgyýeti gaplary, saçaklary, öňlükleri, aýal-gyzlar we çagalar üçin arassaçylyk önümleri öndürýär.

“Türkmen senet” hojalyk jemgyýeti polipropilen süýümlerinden ýasalýan we 0.01 - 0,2 dtex galyňlykly “meltblaun” dokama däl matalaryň önümçiligini özleşdirmegi meýilleşdirýär.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, “meltblaun” dokama däl matasy ýokary siňdiriş aýratynlyklaryna eýe bolup, onuň esasynda döredilen önümler biologiki taýdan işjeň suwuklyklary, ýaglary, himiki maddalary geçirmezlige mümkinçilik berýär.

“Türkmen senet” hojalyk jemgyýetiniň ýylda 2,5 müň tonna dokama däl mata öndürmek kuwwatlylygy bolan zawody Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolakda ýerleşýär. Zawodyň önümleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamanyň çäginde hereket edip, dokama däl “spanbond” tehnologiýaly matalaryň çig maly hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Gyýanly polimer zawodynda öndürilen polipropilen süýümi ulanylyp, ýokary netijeli ekologiýa taýdan arassa harytlar öndürilýär.

Kärhana eýýäm dürli inli we reňkli rulon görnüşinde müň tonnadan gowrak spanbond öndürdi. “Türkmen senet” hojalyk jemgyýetiniň innowasion önümleri Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan ykrar edilip, kompaniýa laýyklyk şahadatnamasy berildi.

Kärhanada täze dokama däl matadan hojalyk torbalary, gaplar, saçaklar, öňlükler, aýal-gyzlar we çagalar üçin arassaçylyk önümleri öndürilýär. Söwda kärhanalarynda gaplaýyş önümleri üçin ulanylýan ekogaplaryň önümçiligi hem ýola goýuldy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Saglyk” kärhanasy täze önümiň esasy müşderisidir. Kärhanada “spanbond” matalardan ýasalýan bir gezeklik lukmançylyk eşikleriniň, gorag örtükleriniň, aýakgap örtükleriniň, operasiýa üçin niýetlenen bir gezeklik lukmançylyk egin-eşikleriniň önümçiligi özleşdirilýär. Telekeçiler kärhanada öndürilen matany Türkiýä, Hytaýa we Russiýa Federasiýasyna eksport etdiler.

Şeýle hem, “Türkmen senet” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda dokama däl “spanbond” tehnologiýaly matalaryň önümçiliginiň harytlarynyň söwda dükanyny açdy.