Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Berk menzil gurluşyk” hojalyk jemgyýeti ýokary dykyzlykly polietilen turbalarynyň önümçiligini ýola goýdy.
“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada esasy çig mal hökmünde Gyýanlydaky polimer zawodynda çykarylýan INPIPE 100 kysymly polietilen ulanylýar. Kärhana 63-den 630 mm-e we diwarynyň galyňlygy 30-dan 63 mm-e barabar bolan SDR 11-SDR 17 kysymly polietilen turbalary öndürýär
Kompaniýanyň önümlerine ýerli bazarda uly isleg bildirilip, lagym-suw geçirijileriniň ulgamynda we elektrik-aragatnaşyk geçirijileriniň gorag örtgüsi üçin giňden ulanylýar.
2016-njy ýylda esaslandyrylan “Berk menzil gurluşyk” kärhanasy öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň ýene bir önümçilik ugry gök-bakja önümlerini daşamak üçin niýetlenen polietilen gaplar hem-de ekerançylyk meýdanlaryny damjalaýyn usulda suwarmakda ulanylýan turbalar bolup durýar.