Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy
Arkadag Prezidentimiz asylly däbe eýerip, agtyklary bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Bu barada TDH habar berýär.

Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar. Şeýle hem Aýazbaba we Garpamyk çagalar barada edýän atalyk aladasy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýokary hilli bilim almagy babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin milli Liderimize ösüp gelýän ýaş nesliň hem-de ähli watandaşlarymyzyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz öz gezeginde ýurdumyzyň ähli çagalaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, olara okuwlarynda uly üstünlik, saýlap alan hünärine ýetmeklerini arzuw etdi. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz asylly däbe eýerip, agtyklary bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar.

“Älem” medeni-dynç alyş merkezi halkyň söýüp garşylaýan hem-de parahatçylygy, ylalaşygy özünde jemleýän Täze ýyl baýramçylygynyň guralýan esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgatlyk harytlaryň dükany işläp, tölegi bank karty arkaly amala aşyryp bolýar.

Şeýle-de, Döwletliler köşgünde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara boldy. Onuň dowamynda çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgatlary gowşuryldy.

2022