Balkanly telekeçi ilkinji hasylyny Russiýa eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanly telekeçi ilkinji hasylyny Russiýa eksport etdi
Bu gök önüm H.Amanmämmedowyň ýyladyşhana toplumynda ösdürip ýetişdiren ilkinji önümi bolup, daşary ýurt bazarlaryna satmakda ilkinji tejribesidir.

Balkan welaýatyndan Halmämmet Amanmämmedow ýyladyşhana toplumyndan 64 tonnadan gowrak pomidor hasylyny ýygnap, onuň 50 tonnasyny Russiýa eksport etdi.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, bu gök önüm H.Amanmämmedowyň ýyladyşhana toplumynda ösdürip ýetişdiren ilkinji önümi bolup, daşary ýurt bazarlaryna satmakda ilkinji tejribesidir.

Şu ýylyň oktýabr aýynda balkanly telekeçi Uly Balkanyň eteginde ýylyň dowamynda islendik ekin ösdürip ýetişdirip bolýan, köpugurly, döwrebap ýyladyşhanasyny işe girizdi. Häzirki wagtda telekeçi dört gektardan gowrak meýdanda pomidoryň ýokary öndürijilikli görnüşlerini ekdi. Bu bolsa telekeçä bol hasyl almaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatyna görä, Balkan welaýatynda 13 sany täze ýyladyşhana toplumlary gurlar.

Mundan başga-da, telekeçi Amanmämmedowyň welaýatyň Serdar etrabynda birnäçe ýyl bäri pagta we bugdaý ösdürip ýetişdirýän üç müň gektardan gowrak ekin meýdany bar. Şu ýyl telekeçi 700 gektar ýerden gowaça hasylyny ýygnap, müň gektar meýdanynda güýzlük bugdaýyny ekdi.

Halmämmet Amanmämmedow ýurduň iň tejribeli ekerançy-telekeçileriň biri bolup, onuň Balkanabatdaky ýyladyşhana toplumlarynyň gapdalynda birnäçe gektar miweli agaçlary bar. Ýaňy-ýakynda oňa ýene 12 gektar ýer bölünip berlip, telekeçi ol ýerde miweli agaçlar we üzüm ýetişdirmäge meýilleşdirýär.

 
2022