Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny Täze ýyl bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny Täze ýyl bilen gutlady
Sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar diýip, Milli Liderimiz öz gutlag sözünde belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni türkmen halkyny Täze 2021-nji ýyl bilen gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

2021-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça sygyr ýylydyr. Sygyr “Malym — janym” diýýän türkmeniň gowy görýän mallarynyň biri, öý-ojagyň, maşgalanyň rysgaly. Şoňa görä-de, sygyr ýyly bereketli ýyl hasaplanýar diýip, Milli Liderimiz öz gutlag sözünde belledi.

“Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, yhlasly zähmetimiz bilen 2020-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berdik”, diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylda Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljegini belledi.

“Goý, täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, uly üstünlikleriň, rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyza agzybirlik we asudalyk ýar bolsun! Bagtyýar günler, döwletli döwran dowamat-dowam bolsun!” diýip, Döwlet Baştutanymyz gutlag sözüniň ahyrynda aýtdy.

2022