Türkmenistan Owganystan boýunça birnäçe taslamany durmuşa geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystan boýunça birnäçe taslamany durmuşa geçirdi
Türkmenistan Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyny tamamlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Lebap welaýatynda “Malaý” gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina-Andhoý demir ýol şahasy, Ymamnazar-Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçirijisi, Mary welaýatynda Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy ýaly gurluşyk işleri tamamlanan we ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň atlary agzalyp geçildi.

Döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, owgan halkynyň hem-de sebitiň ýurtlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowa Owganystan Yslam Respublikasyna iş sapary bilen bagly görkezmeleri berip, owgan kärdeşleri bilen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri taýýarlamak we geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

2022