Rumyniýa: Türkmenistan Ýewropanyň Günorta gaz geçelgesine möhüm goşant goşup biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rumyniýa: Türkmenistan Ýewropanyň Günorta gaz geçelgesine möhüm goşant goşup biler
Hazarüsti gaz geçirijisi Ýewropa komissiýasynyň umumy gyzyklanma bildirilýän taslamalarynyň ahyrky sanawyna girizildi. (Surat: TAP AG)

Türkmenistan Günorta gaz geçelgesine tebigy gaz üpjünçisi hökmünde möhüm goşant goşup biler diýip, Rumyniýanyň Ykdysadyýet, energetika we işewürlik gurşawy ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi duşenbe güni habar berýär.

Ministrligiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, “Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça Russiýa Federasiýasyndan, Eýrandan we Katar Döwletinden soň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini unutmaly däl”. Şeýle hem, Günorta gaz geçelgesi Ýewropa Bileleşiginiň energiýa çeşmeleriniň köpeldilmeginde wajyp orny eýeleýär.

Rumyn tarapy Türkmenistanyň gaz geçiriji taslamanyň indiki tapgyrlarynda tebigy gazyň üpjünçisi hökmünde çykyş edip biljekdigini öňe sürýär.

Şeýle hem, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň geçen ýylyň fewral aýynda Baku şäherinde geçirilen Günorta gaz geçelgesiniň Konsultatiw geňeşiniň bäşinji mejlisine gatnaşmagy iki ýurduň bu taslamany goldaýandygyny tassyklaýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasy Ýewropa komissiýasynyň umumy gyzyklanma bildirilýän taslamalarynyň sanawyna girizilip, strategiki ähmiýete eýe boldy.

Rumyniýa ilkibaşdan Günorta gaz geçelgesiniň taslamasyny goldap gelýär we bu taslamanyň geljekki tapgyrlarynda onuň bir bölegi bolup, gaz geçirijisiniň üsti bilen iberilýän “mawy ýangyjy”, şol sanda Türkmenistandan iberilmegi mümkin energiýa serişdelerini almaga gyzyklanma bildirýär diýip, habarda nygtalýar.

Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmagy, ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi we sebitde strategiki wajyp energetika taslamalaryna gatnaşmagy türkmen energiýa serişdeleriniň Ýewropanyň bazarlaryna çykarylmagy üçin uzakmöhletleýin mümkinçilikleri döreder diýip, ministrlikde bellediler.

Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň iýun aýynda Rumyniýanyň döwlet energetika edaralarynyň we bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistana resmi sapar bilen geldiler.

2022