“Ak bulut” asma potoloklaryň eksport möçberini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak bulut” asma potoloklaryň eksport möçberini artdyrýar
Ýokary hilli, göze gelüwli we ekologiýa taýdan arassa önümlere diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. (Surat: "Ak Bulut" HJ)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak bulut” hojalyk jemgyýeti geçen ýylyň dekabr aýynda winil örtükli asma potoloklaryň 11 müň 550 inedördül metrini eksport etdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärhana ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda asma potoloklaryň önümçiligini ýola goýdy. Onuň ýokary hilli, göze gelüwli we ekologiýa taýdan arassa önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýakynda önümçiligi ýola goýlan metal potoloklar hem geçginli harytlardyr. Onuň alýuminden, demirden ýasalan görnüşleri berkligi, şeýle-de çyglylygy ýokary bolan ýerlerde ulanyp bolýandygy we sesi ýaňlandyrmaýandygy bilen tapawutlanýar. Kärhanada, esasan, ýerli çig mal gaýtadan işlenilýär.

“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti geljekde tehnologik ösüşleriň has soňky mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly, “akylly” potoloklardyr diwarlyklaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu ulgam öýüň ýa-da binanyň ulgamlaryny uzak aralykdan, sanly ulgam arkaly dolandyrmak mümkinçiligini üpjün eder.

2022