“Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki mermer we granit işlenilýän zawody 2020-nji ýylda 9 million 584 müň manatlykdan gowrak önüm öndürip, olary sarp edijilere ýetirdi.
“Ahal durmuşy” gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, kärhananyň ösüş depgini 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 138,3 göterime barabar boldy.
Degişli döwürde köçeleriň we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemäge niýetlenen dürli bezeg daşlaryna, arhitektura şekillerine we sütün üçin örtgi plitalara hem isleg ýokary boldy. Bu önümler buýurmalar esasynda içerki bazara, sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.
Dürli görnüşli mermerleriň, şeýle-de gurluşyk işlerinde ulanylýan beýleki köp görnüşli bezegleriň önümçiligi babatynda uly meşhurlyga eýe bolan bu zawod Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir.