Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasy 3029 inedördül metr haly önümlerini dokady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasy 3029 inedördül metr haly önümlerini dokady
Halylar owadan gölleri, reňkleriniň sazlaşykly öwüşgini, dokalyşynyň ýokary hil derejesi hem-de ölçeginiň ululygy bilen tapawutlanýarlar.

Daşoguz welaýatynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçylary 2020-nji ýylda haly we haly önümleriniň 3029 inedördül metrden gowragyny dokap, ýyllyk meýilnamany 106,4 göterim berjaý etdiler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Welaýatda öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan bu kärhana geçen ýyly guwandyryjy görkezijiler, ýokary zähmet netijeleri bilen jemledi. Kärhanada dokalan haly we haly önümleri pul mukdarynda 4 million 870 müň manada barabar boldy. Bu bolsa çeper halyçylyk kärhanasynyň geçen ýylky netijeleriniň manat möçberindäki ösüşiniň 136,5 göterime deňdigini görkezýär.

Häzirki wagtda kärhana täze ýaşaýyş jaýlary, edara binalary üçin buýurmalar esasynda dürli ölçegdäki halylary dokaýar. Halylar owadan gölleri, reňkleriniň sazlaşykly öwüşgini, dokalyşynyň ýokary hil derejesi hem-de ölçeginiň ululygy bilen tapawutlanýarlar.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň sekiz sanysy degişli bolup, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenanlar zähmet çekýär.

2022