“Gazprom” 2020-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistandan 3,2 mlrd kub metr tebigy gaz satyn aldy. 2019-njy ýylyň degişli döwründe 2,6 mlrd kub metr türkmen tebigy gazy import edildi. Bu barada “Interfaks” agentligine salgylanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň 3 çärýeginde “Gazprom” Gazagystandan 5,1 mlrd kub metr tebigy gaz satyn aldy. Bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwründe 8,2 mlrd kub metre barabar boldy.
2020-nji ýylyň birinji ýarymynda kompaniýa Özbegistandan gaz satyn almagyny togtatdy. Kompaniýa 2020-nji ýylyň 9 aýynyň jemleri boýunça 20 mln kub metr özbek gazyny satyn alandygyny mälim etdi. 2019-njy ýylda “Gazprom” Özbegistandan 7,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy.
2019-njy ýylyň iýul aýynda “Gazprom” kompaniýasy “Türkmengaz” Döwlet konserninden 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli tebigy gaz satyn almak boýunça 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.