Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde gepleşik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi sahypasynda habar berilýär.
Gepleşigiň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň platformasynda alnyp barylýan özara hereketleriň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Guramanyň işiniň ösdürilmegine itergi berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geçildi. Global wehimleriň çarçuwasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň işini işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem seredip geçdiler.
Bellenilişi ýaly, taraplar sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başyny başlamak bilen, Türkmenistanyň YHG-nyň maksatlaryna ýetmek ugrunda ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýändigini nygtadylar. Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly wajyp ulgamlarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.
YHG-nyň platformasynda işjeň gatnaşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, taraplar ykdysady integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagy ugrundaky köptaraplaýyn özara hereketleriň derwaýyslygyny aýratyn nygtadylar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramadyr. Türkmenistan 1992-nji ýylda YHG-nyň agzasy boldy.