Türkmenistan we Mordowiýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Mordowiýa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini maslahatlaşdylar
Duşuşykda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegini we sebit derejesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti sişenbe güni Mordowiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti habar berýär.

Duşuşyga Mordowiýa Respublikasynyň premýer-ministri Wladimir Suşkow, “Tehnopark-Mordowiýa” edarasynyň ýolbaşçysy Wiktor Ýakub, “N.P.Ogarew adyndaky Mordowiýa döwlet uniwersitetiniň” rektory Sergeý Wdowin we şol uniwersitetdäki okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegini we sebit derejesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, Türkmenistanda 2021-nji ýylda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitiniň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Wolga-Kamsk basseýniniň sebitleri we Mordowiýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň we Mordowiýa Respublikasynyň uniwersitetleriniň arasynda ylym we bilim pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli şertnamalary we ylalaşyklary baglaşmak meselelerine garamak teklip edildi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy Mordowiýanyň ýokarda ady agzalan uniwersitetlerinde şu ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda Türkmenistanyň parahatçylyk syýasaty mowzugynda birnäçe çäreleri geçirmekligi teklip etdi.

 
2022