Türkmen alymlary zyýansyzlandyryjy serişdeleriň önümçiliginde täze tehnologiýany hödürlediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlary zyýansyzlandyryjy serişdeleriň önümçiliginde täze tehnologiýany hödürlediler
Himiýa instituty doly hojalyk hasaplaşygyna geçen ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň ilkinjileriniň biridir.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary ýerli çig malyň esasynda netijeli zyýansyzlandyryş serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek boýunça işleriň çäklerinde, mis kuporosy ulanylýan tehnologiýany hödürlediler.

TDH-nyň anna güni habar berşi ýaly, bu önümi almak üçin ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň mis, kükürt turşusy, ammiak selitrasy garyndylaryny ulandylar.

Türkmen alymlarynyň belleýşi ýaly, mis kuporosy ekologiýa taýdan arassadyr hem-de oba hojalygynda, gurluşykda we derman senagatynda ulanylýar. Ol kömelejiklere garşy iň netijeli we gymmat bolmadyk serişdedir. Kuporos arkaly zyýansyzlandyryş serişdeleri üçin barmasy kyn bolan ýerleri işläp geçmek bolýar. Misiň sulfaty 25-30 günüň dowamynda öz täsirini ýitirmeýär.

Häzir Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan işlenip taýýarlanylan tehniki şertleriň we reglamentiň esasynda mis kuporosynyň önümçiligi “Sahy doganlar” hususy kärhanasynyň önümçiliginde ornaşdyryldy.

Himiýa instituty doly hojalyk hasaplaşygyna geçen ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň ilkinjileriniň biridir. Täze düzüme laýyklykda, institutyň bölümleri barlaghanalaryň 4-sini we bölümleriň 4-sini öz içine alýar. Olar buýurmalary we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna öz-özüni maliýeleşdirer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022